JEMGYÝET

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň deslapky etrap we şäher tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde guralýan «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň deslapky etrap we şäher tapgyry geçirildi. Oňa zehinli ýaş aýdymçylar gatnaşdylar, diýip «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Bäsleşige gatnaşyjylar türkmen halk aýdymlaryny we türkmen kompozitorlarynyň döreden aýdymlaryny ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykardylar. Aýdym-saz älemine gadam basan ýaş aýdymçylar halypalaryň tejribelerini özleşdirýändiklerini, türkmen aýdym-saz sungatynyň däplerini, ýörelgelerini kämilleşdirýändiklerini subut etdiler. Diňleýjileriň ýüreklerinde ýer etmegi başaran zehinli ýaş aýdymçylar döwrümizi, Watan mukaddesliklerini, durmuş gözelliklerini wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. Deslapky tapgyrda birinji orna mynasyp bolan ýaş aýdymçylar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: