JEMGYÝET

Ýangyn howpsuzlygy bilen bagly gözükdirmeler berildi

Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 517-nji ýangyn howpsuzlyk bölüminiň müdiri tarapyndan welaýat neşirinde Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde ýangyn howpundan goranmak barada gözükdirmeler berildi.
Bellenilişi ýaly, edara-kärhanalarda, ýokary, orta okuw mekdeplerinde we
çagalar baglarynda Täze ýyl arçalary oturdylyp, olaryň ýanynda medeni-
köpçülik çäreleri geçirilýär. Baýramçylyk çäreleri geçirilýän wagtynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik edýän jogapkär adamlar bellenilmelidir. Olar bilen ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini we ýangyna garşy gaýragoýulmasyz çäreleri öwrediji gözükdiriş geçirilmelidir. Jogapkär adamlar ýangyn dörän halatynda adamlary halas etmek hem-de ýangyna garşy göreşmek, söndürmek boýunça özüne bagly ähli zerur çäreleri görmelidirler. Ýangyn dörände, adamlary, maddy emläkleri halas etmegiň, ýangyna garşy göreşmegiň meýilnamasyny işläp düzmeli. Onda her bir işgäriň ýerine ýetirmeli wezipeleri görkezilmelidir. Çäreler geçirilýän wagtynda jaýlaryň
ätiýaçlyk çykalga gapylary elmydama açyk ýagdaýda saklanylmalydyr. Bu bolsa ýangyn dörän halatynda adamlary tiz wagtda howply çäklerden çykarmakda ähmiýetlidir. Jaýlaryň, desgalaryň golaý ýerlerine ýangyn söndüriji awtoulaglaryň barmagyna niýetlenilen ýollarda, ätiýaçlyk çykalgalaryň öňünde adamlaryň geçmekligine päsgelçilik dörediji zatlaryň goýulmagy talabalaýyk däldir. Jaýlaryň ýangyna garşy araçäklerinde, boşluklarynda ýanyjy zatlaryň saklanylmagyna ýol bermeli däl. Baýramçylyk çäreleri geçirilýän jaýlar ilkinji ýangyn söndüriji we aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilmelidir. Daşarky ýangyna garşy merdiwanlar elmydama abat ýagdaýda saklanylmalydyr.
Ýangyna garşy içerki suw kranlary işjeň ýagdaýda bolmalydyr.
Gözükdirmeler bilen dolulygyna «Türkmen gündogary» gazetiniň 19-njy
dekabrdaky sany arkaly tanyş bolup bilersiňiz.