Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi welaýat neşiri
arkaly ýene bir ýola ýangyn howpunyň öňüni almak bilen bagly gözükdirmelerini paýlaşdy. Berilýän maslahatlarda şeýle diýilýär:
Elektrik ulgamyna bir wagtyň özünde birnäçe elektrik enjamyň, mysal üçin,
elektroçäýnegiň, ütügiň, sowadyjylaryň we gyzdyryjylaryň birikdirilmegi elektrik
geçiriji ulgamy öz güýjünden has artykmaç işlemäge mejbur edip, onuň gyzmagyna, daşky örtüginiň ýanmagyna we gysga utgaşmanyň emele gelmegine getirip bilýändigini hemişe üns merkezinde saklamaly we şeýle etmekden saklanmaly. Öýlerde emeli usulda ýasalan goraýjylary ulanmak hem düýbünden gadagandyr.
Gysga utgaşmadan emele gelýän ýangynlar çakdanaşa köp ýylylyk bolanda we
uçgunlar emele gelende ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýyň bolmazlygy üçin elektrik
geçirijiniň abatlygy ýygy-ýygydan barlanylyp durulmalydyr. Geçirijiniň açyk ýeri
ýüze çykarylsa, ony derrew örtgi bilen berk saramak zerurdyr.
Elektrik togy arkaly işleýän ähli otag ýyladyjy enjamlaryň aşagynda gorag gatlaklary goýlup, olaryň töwereginde ýeňil ýanýan öý goşlarynyň goýulmagyna ýol berilmeli däldir. Şeýle enjamlary gözegçiliksiz galdyrmak hem-de olar bilen bagly ýumuşlary çagalara buýurmak howpludyr. Öýden ýa-da işden gidilen wagtynda elektrik toguny kabul edýän ähli enjamlar elektrik togundan aýrylmalydyr, gaz enjamlarynyň bolsa bekleýjileri ýapylmalydyr. Ýokarda agzalan hem-de beýleki howpsuzlyk düzgünleri berjaý edilse, hususy we döwlet emläklerini, esasan bolsa, jan saglygymyzy ýangyndan ygtybarly gorap bileris.
Ýangyn howpsuzlygy bilen bagly gözükdirmeler berildi

16
Jan