JEMGYÝET

Ýangyn gullugy ýatladýar

Welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy gullugy gaz bilen işleýän enjamlary ulanýan raýatlara howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmegi ýatladýar. Gaz enjamlarynyň ýerleşýän otaglarynda hökmany ýagdaýda howa çalşyjy ulgam bolmalydyr. Tüsseçykarlar üçegiň gyrasyndan azyndan 0,5 metr ýokarda gurnalmalydyr. Enjamlara gazy diňe demir geçirijiler arkaly geçirmek, olaryň tehniki ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmek, ulanylandan soň gaz bekleýjisini ýapmak zerurdyr. Şeýle-de gaz enjamlaryny ýerzeminlerde ýerleşdirmek, tüsseçylary diwarlardan ýa-da penjirelerden daşyna çykarmak ýaly işler howply hasaplanylýar.
Raýatlara gaz enjamlarynyň gurnalyşyny özbaşdak üýtgetmegiň, bejeriş-abatlaýyş işlerini rugsatsyz geçirmegiň, enjamlary gözegçiliksiz işletmegiň hem-de kiçi ýaşly çagalara ulanmaga rugsat bermegiň gadagan edilýändigi duýdurylyp geçilýär. Otagda gazyň ysy duýlan ýagdaýynda gaz bekleýjisini derrew ýapyp, otagy ýelejiretmek, açyk otdan we elektrik çyralaryndan peýdalanmazlyk talap edilýär. Gaz syzmasy ýüze çykan halatynda özbaşdak abatlaýyş işlerini geçirmegiň howpludygy öňünden bellenilýär.