BIZE YAZYARLAR

“Ýandym” türkmen halk sazy

 Türkmen aýdym-saz sungatynyň ençeme meşhur eserleri bar. Olaryň birnäçesi ussat ýerine ýetirijiler tarapyndan özboluşly alamatlanma eýe bolup, tanymal bagşydyr sazandanyň ukyp başarnygyny häsiýetlendirýär. Şeýle sazlaryň biri hem “Ýandym” sazydyr. “Ýandym” türkmen halk sazy milli sazandalyk ýerine ýetirijiliginde ýörgünli sazlaryň biri. Bu saz meşhur sazanda O. Saryýewiň çalan nusgasy boýunça derňew edilýär (nota geçiren Ý. Rejepow).  Halk aýdym-sazlary sazyň ösdürilişi üçin başlangyç bolup durýan özenden başlap, giň göwrümde ýaýbaňlandyrylýan heňlerden emele gelýär. Olarda türkmen sazyna mahsus ladlaryň, milli äheňli heň öwrümleriniň ulanylmagy, dürli ölçegleriň, ritmleriň gabat gelmegi eseriň milliligini kesgitleýän aýratynlyklar bolup durýar. Bu täsir ediji serişdeler derňewi alnyp barylýan “Ýandym” türkmen halk sazynyň özboluşly çylşyrymlylygynda mynasyp orunlara eýe bolýarlar. Bu sazyň ýerine ýetirilişdäki aýratynlyklary beýleki türkmen halk sazlaryndan tapawutlanýar.  “Ýandym” sazy çylşyrymly üç bölümli gurluşda ýazylan. Sözlemler sözüň ösdürilişine, lad-äheň, ölçeg-rimt taýdan özgertmelere sezewar edilen görnüşde gatnaşyp, dürli göwrümlerdäki jümleleri öz içine alýar. Ol her biri üç (a – a1 – a2) görnüşe bölünýän jemi üç sany sözlemden ybarat. Sazyň bir bölüminiň heňi tutuşlygyna bir özenden gelip çykýar. Bölümde bir sözlem dowam edip, birinji beýan edilen pikir jemlenýär. Her sözlemiň äheň taýdan üýtgemegi sazyň çylşyrylylygyny, lad aýratynlygyny üýgedip durýar.  Uly bolmadyk girişden (3 takt) soňra başlanýan esasy heň 7 takt dowam edip, soňra säginýär. Esasy heňiň bu ilkinji görkezilişi özboluşly gysga tanyşdyrylyş bolup durýar. Onuň ilkinji gezek görkezilmesi has ýaýbaň görnüşe eýe bolýar hem heňiň doly mazmunyny açyp görkezýär. Sazdaky es2 belentlik kyýamat ladyny häsiýetlendirýär we heňiň täsirliligini artdyrýar:

Sözlemiň dowamyndaky sinkopaly, punktir ritmli, melizmli hereketler heňiň giň hereketlenmegine täsir edýär.
Birinji sözlemden täsirlenýän ikinji A1 saz sözlemi täze görnüşi görkezip başlaýar. c2 – g2 kwinta böküş, fis2 belentlik, çärýeklik hem sekizlik bilen gezekleşýän täze ritm – bular heňiň wariantlaýyn ösýändigini alamatlandyrýar:

B bölüm sazyň şirwan bölegini emele getirýär. Heňiň a2 belentlige baryp ýetmegi, soňraky ýaýbaňlanmasynyň g2 basgançaga esaslanmagy bölümiň dartgynly manysyny aýdyňlaşdyrýar. Bölümiň dowamyndaky b1, b2 sözlemler bölümiň içindäki wariant usulda özgerdilen nusga bolup, olaryň gurluşlary deňeşdirilende azda-kände üýtgeşmeler duýulýar:

Sazyň jemleýji bölüminde hereketler ýygjamlaşýar. e1-a1 basgançaklardan g2 sese ýerine ýetirilýän böküş bilen başlanýan bu bölüm, täze alamatlar boýunça tapawutlanýar. Ýagny sekunda, tersiýa, kwarta ses aralyklarynyň yzygider ulanylmagy, täze üçlemäniň girizilmegi, melizmlere üns berilmegi bu bölümiň häsiýetli tarapy bolup durýar.
Bu saz indiki gurluşa eýe:

Ýerine ýetirijiden tehniki ussatlygy talap edýän “Ýandym” türkmen halk sazy dowamlylygy bilen tapawutlanyp, diňleýjide ýakymly täsir galdyrýar. Sazyň dürli ritm görnüşlerine, ölçeg aýratynlyklara eýe bolmagy onuň endigan ösüşinde ajaýyp sazlaşykda beýan edilýär.

Arzuw Muradowa,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: