DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýakutystan -50 derejedäki sowuk bilen göreşýär

 Synçylar Ýakutystanyň üç sebitinde 50 derejeden pes sowuk temperaturany hasaba aldylar. Termometr Oýmýakonda -54, Werhoýanskda -53 dereje, Ust-Moma we Çurapça şäherçelerinde -51 dereje sowugy görkezýär. 

Ýakutystanda 50 derejeden pes temperatura 1-nji dekabrda başlandy. Häzirki wagtda -45 dereje sowuk Respublikanyň 9 sebitinde hasaba alnan iň ýokary temperaturadyr. Beýleki ýerlerde temperatura ondan has pesdir.

Meteorologlaryň aýdyşyna görä: «Respublikanyň hemme ýerinde güýçli sowuk we duman bolýar». Olaryň pikiriçe, sebitde gowşak şemallar bolýar, ýöne Arktikanyň kenarýaka sebitlerinde onuň tizligi sekuntda 9-14 metre ýetip biler.

Ondan öň Russiýa Federasiýasynyň Gidrometeorologiýa Merkeziniň ylmy direktory Russiýanyň sebitlerine Roman Wilfand adatdan daşary sowuk howanyň ýakynlaşýandygyny duýdurypdy.