BIZE YAZYARLAR

Ýagşyň şekili

Gyş we bahar paslynyň dowam edýän günlerinde ýagyş köp mukdarda ýagýar. Eýsem, ýagyş näme üçin damja görnüşinde ýagýar, onuň şekili nähilikä?! Ýagyş damjalary ýokarsy süýri, aşagy tegelek görnüşinde suratlandyrylýar. Ol hakykatdan hem şeýlemikä?! Ýagyş damjasy göni bulutdan çykyp gaýdýarmyka?! Geliň, bu sowallaryň gysgaça jogabyny öwreneliň. Ýagşyň şekili bulutdan çykan wagty togalak bolýar. Top şekilli bolmagynyň sebäbi damjanyň daşyndaky tekizligiň dartgynlygy bilen baglydyr. Ýagny damjanyň içindäki suw molekulalary bir-birini çekýärler. Şeýlelikde, diňe damjanyň merkezine tarap dartyş bolanlygy sebäpli daşy deprek ýaly dartylyp duran togalak şekilli suw damjalary emele gelýär. Hatda otlaryň üstüne düşen çyg ýa-da ýagyş damjasynyň üstünde kiçeňräk mör-möjekler ýöräp hem bilýärler.

Bulutdan aýrylan damjalar Ýeriň dartyş güýjüniň täsiri bilen aşak gaýdýarlar. Damjalar ýere düşýänçä bir-birine degip, has uly damjalara öwrülýär.

 Taýýarlan Aýnura Rejepowa,

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: