SPORT WE SYÝAHAT

Ýagşymyradowyň ýene iki günden tutluşygy bar

2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Dubaýdaky (Birleşen Arap Emirlikleri) “Coca-Cola” arenasynda  PFL ligasynyň häzirki çempiony, türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow bilen amerikaly Kori Anderson “PFL Champions Series 3” ýaryşynyň çäklerinde ýeňil agramly titulynyň ugrundaky 5 raundlyk duşuşykda ýüzbe-ýüz duşuşarlar.
Dubaý şäherinde geçiriljek bu tutluşyk MMA janköýelerine uly gyzyklanma döreder.
Şol gün geçirijek ýaryşyň çäklerinde iki sany güýçli türgenler  – Döwletjan Ýagşymyradow bilen Kori Andersonyň tutluşygy gijeniň esasy sport wakasy bolar.
Bu iki türgen ozal hem duşuşypdy, şonda amerikaly türgen ýeňiş gazanypdy. Türkmen türgeni bu gezek ýeňiş üçin sport meýdançasyna çykar.