Çärjewli pälwan Döwletjan Ýagşymyradow PFL-iň final tutluşygyndan soň onda
gazanan ýeňşiniň syry we kynçylykly pursatdan baş alyp çykyşy barada berlen
sowala şeýle jogap berdi:
― Ilki bilen, Impanyň örän gowy göreşijidigini aýtmak isleýärin. Ýöne men bu
gün özümiň biraz güýçli we tejribelidigimi görkezdim. Allatagala şükürler
bolsun!
Hakykatdan-da, tutluşygyň bir pursadynda Impa Kasanganaý biziň ildeşimiziň
üstüne ýiti hüjümleri gurap başlady. Hatda, onuň birki urgusy Döwletjana
degdi. Ýöne özüni çalt dürsän Ýagşymyradow bu gezek tutluşygyň gidişini eline
alyp, dürs ugrularyň birnäçesi bilen garşydaşyny bir burça gabady we ony ýere
ýykdy. Şeýlelikde, emin tutluşygyň wagtyndan ozal tamamlanýandygyny yglan
etdi.
Ýagşymyradow ýeňşiň syryny paýlaşdy

02
Dec