Garyşyk söweş sungatynyň PFL ligasynyň çempiony Döwletjan Ýagşymyradow
liganyň 2025-nji ýyldaky möwsümine hem gatnaşmagy meýilleşdirýär. Ol bu
barada 29-njy noýabrda geçirilen çempionlyk tutluşygyndan soň aýtdy.
― Enşalla! Täze möwsüme täze güýç bilen geleris. Oňa ýokary derejede
taýýarlyk göreris ― diýip, ol dabarany alyp baryjynyň bu barada beren
sowalyna jogap berdi.
PFL-iň adaty möwsümi her ýylyň aprel aýynda başlanýar.