SPORT WE SYÝAHAT

Ýagşymyradow oktagona çykýar

Şu gije çärjewli türgen Döwletjan Ýagşymyradow PFL promouşeninde nobatdaky duşuşygyny geçirer.

ABŞ-nyň Ýuta ştatynyň Solt-Leýk-Siti şäherindäki «Jon M. Huntsman Center» arenasynda geçiriler. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 1:30-da başlanar.

Turniriň esasy kardynyň tutluşyklary sagat 5:00-da başlanar. Ýagşymyradow — Biýong söweşiniň bolsa sagat 5:30 töwereginde başlanmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň çäginde bu tutluşyk «Älem TV-niň» ulanyjylary üçin elýeterli bolan «Setanta Sports» teleýaýlymynda tomaşaçylara ýetiriler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: