SPORT WE SYÝAHAT

Ýagşymyradow iýunda-da tutluşyk geçirer

Garyşyk söweş sungaty boýunça çykyş edýän lebaply türgen Döwletjan Ýagşymyradow indiki söweşini «PFL 5» turnirinde 22-nji iýun güni Solt-Leýk-Sitide kamerunly Simon Biýongä garşy geçirer.

Döwletjan Ýagşymyradow özüniň soňky tutluşygynda «PFL 2» turniriniň çäginde sloweniýaly Jeýkob Nedo bilen söweşip, garşydaşyndan üstün çykypdy. 1 raund hem dowam etmedik tutluşyk Döwletjanyň tehniki nokaut arkaly gazanan ýeňşi bilen tamamlandy. Häzirki wagtda Döwletajnyň hasabynda 22 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňlik bar.

Biýong hem özüniň soňky söweşini «PFL 2» turniriniň çäginde geçirip, Antonio Karlos Juniordan ýeňlipdi. Häzire çenli Simonyň hasabynda 9 ýeňiş we 4 ýeňliş bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: