BIZE YAZYARLAR

Ýagşy zatdyr ýagşy gylyk

Belent mertebeli Prezidentimiz: «Magtymguly türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy» diýip, beýik söz ussadyna uly baha berýär. Mähriban Arkadagymyzyň we onuň kakasy mälikguly aga bilen atasy Berdimuhamet Annaýewiň akyldar şahyr Magtymguly Pyraga nähili belent sarpa goýýandygyna onuň «Älem içre at gezer» hem-de «Döwlet guşy» romanlaryny okan her bir adam doly göz ýetirýär.
Türkmen hem-de dünýä alymlary, halkymyz şu günler metbugat, telewideniýe, radio arkaly çykyş etmek bilen, özüniň ýaşan döwründe hem manyly ömri, hem döredijiligi arkaly ýagşylygy ýaran edinip, ýagşyny ýaýan, ýamany ýazgaran, üç asyr bäri «älemiň arzuwlaýan ýagşysyna» öwrülen Magtymguly Pyragy baradaky derňewlerini, täzeliklerini, pikirlerini, bilýän we toplan maglumatlaryny giň köpçülige ýetirýärler.
Şahyryň döredijiliginde ulanan «ýagşy, ýagşylyk» sözleri bilen baglanyşykly setirlerine ser salyp, olary bir ýere toplap öwrendim. Bu setirlerde aýdylan pikirler şahyryň öz döredijiligi ýaly örän giň we köptaraply. Olarda ýagşy niýet, ýagşy häsiýet, ýagşy gylyk, ýagşylyk etmek, ýagşy söz, ýagşy aýal, ýagşy är, ýagşydan görelde almak, ýagşy ogul, ýagşyny-ýamany saýgarmak ýaly ençeme mesele gozgalýar. «Ýagşy, ýagşylyk» sözleri şahyryň diňe bir aýry-aýry setirlerinde däl, eýsem, onuň «Gymmat ýagşydyr», «Delalat ýagşy», «Alan ýagşydyr», «Söhbet ýagşydyr», «Ýat ýagşy», «Aýyň ýagşysyn», «Ýoly ýagşydyr», «Ýaryn ýagşysyn», «Baş ýagşy» atly şygyrlarynyň hem bütin süňňüne siňipdir.

Ýolnazar BABANIÝAZOW,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gululkçysy, maýor.