Türkmenabat şäherindäki 12-nji sport mekdebinde «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly XV spartakiadanyň çäklerinde basketbol boýunça bäsleşikler guraldy. Oglanlaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki 36-njy orta mekdebiň topary birinji, Saýat etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň topary ikinji we Çärjew etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň topary üçünji orny eýelediler. Gyzlaryň arasynda bolsa Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň topary ýeňiji boldy, ikinji we üçünji orunlara degişlilikde Garabekewül etrabynyň 9-njy hem-de Çärjew etrabynyň 3-nji orta mekdepleriniň toparlary mynasyp boldular.
Spartakiadanyň dowamynda basketbol bilen bir hatarda sportuň gandbol we futzal görnüşleri boýunça hem bäsleşikler geçirildi. Ýaryşlarda aýratyn tapawutlanan okuwçy-sportçulara degişli diplomlar gowşuryldy. «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi tarapyndan guralýan bu çäreler ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirilendir.
XV spartakiadanyň çäklerinde basketbol ýaryşlary geçirildi
02
Mar

