SUNGAT ADAMLARY

XIII asyrda Merkezi Aziýanyň saz medeniýeti bilen türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginiň arabaglanyşygy

Köneürgenç orta asyrlardaky Horezmiň paýtagty hökmünde XI-XIV asyrlaryň monumental kult we dünýewi binagärligini ajaýyp ýadygärlikleriniň ojagydyr. Dürli döwürlerde türkmen topragynda bolan alymlar we syýahatçylar hasylly we gür ilatly ülke bolan gadymy Ürgenç hakda ýazypdyrlar.

 Hytaý taryhçysy (b.e. VI asyry) Li Ýan-Şeý “Beýşi” atly eserinde Ürgenjiň köp adamly bolandygy, güýçli döwlet, baý söwda merkezi hasaplanandygy, Hytaýdan Ýewropa gaýdýan Beýik Ýüpek ýolunyň şol şäheriň üstünden geçýändigi, agaçlaryň, şol sanda üzüm agaçlarynyň-da ösýändigi, sazandalaryň ululy-kiçili gurallarda saz çalýandyklary hakda ýazýar.

Bu maglumatlar gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen sazynyň biziň günlerimize üýtgemeýän görnüşde diýen ýaly gelip ýetendigine şaýatlyk edýär. Merkezi Aziýa halklarynyň saz gurallary Ýewropa halklarynyň saz gurallarynyň köpüsini döretmekde esas bolup hyzmat edendigini syýahatçylar belleýärler. XIX-XX asyrlarda Türkmenistanda bolan ýewropaly awtorlar türkmeniň sazy we ýerine ýetiriş sungaty barada gyzykly maglumatlar galdyrypdyrlar.

W.Semýonow  – Týan-şanskiniň (1913ý.) türkmenleriň sazy, şahyrana eserleri gaty gowy görýän halkdygy, mysal üçin, halk bagşysynyň islendik öýde arzyly myhman hökmünde kabul edilýändigi barada aýdan sözlerini getirmek gyzyklydyr.

  Türkmen bagşylarynyň baý we özboluşly halk sungaty häzirki zaman türkmen kompozitorlarynyň ylham çeşmesine öwrüldi.

 Garaşsyzlyk ýyllary döwründe ilkinji türkmen zenan kompozitory Jeren Gurbangylyjowa tarapyndan ýazylan eserlerini berlen kontekstde aýratyn bir höwes bolup durýar. Kompozitoryň taryhynyň çuň köklerine, gadymy türkmen däplerine, bagşylaryň ýerine ýetirijilik sungatyna ýüzlenmegi Türkmenistanyň halk artisti Ýolaman Nurymow bilen awtordaşlykda ýazan fortepiano we simfoniki orkestri (Aýal bagşy) üçin konsertinde hem-de dutar we halk saz gurallary üçin konsertinde aýdyň görkezilendir.

 Bu saz eserlerinde alyp baryjy ähmiýeti dutar, gyjak, ud, kanun, saz ýaly türkmen saz gurallary äheňlendirmegiň, seslenme manysynyň gadymyýetini, ilkinji görnüşlerini aldylar. Sekund we kwarta sazlaşygy, nagyşly melizmatika, kulminasiýa bölümleri nowaýy-şirwan, şirwan-kyrklar, metrikanyň (3/8, 5/8, 6/8) sazlaşykly kesmeleri saz eserinde milliligi döredýär.

Ýuliýa Jumaýewa,

sazşynas, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: