SPORT WE SYÝAHAT

Woleýbol boýunça welaýat birinjiligi geçirildi

Türkmenabat şäherinde 2007-nji ýylda we ondan soň doglan ýetginjekleriň arasynda woleýbol boýunça welaýat birinjiligi geçirildi. Oňa welaýat merkezinden we etraplarymyzyň birnäçesinden güýçli toparlar gatnaşdylar.

Iki günläp dowam eden ýaryşyň netijesinde Türkmenabat şäherine wekilçilik eden birinji topara taý tapylmady. Bu topar şäherdäki 10-njy sport mekdebiniň türgenlerinden ybaratdyr. Şeýle hem ýaryşda ikinji orny Çärjew etrabynyň, üçünji orny bolsa welaýat merkeziniň ikinji toparynyň (9-njy sport mekdebi) woleýbolçylary eýeledi.

Ýeňiji toparlardan başga-da, käbir şahsy baýraklar hem berildi. Olara ýaryşyň iň gowy woleýbolçylary hökmünde Şöhrat Allakow bilen Mahir Arslanow mynasyp boldy. Olaryň ikisi hem welaýat merkezindäki 10-njy sport mekdebinde türgenleşýär. Bu mekdebiň türgenlerine welaýatymyzyň ýygyndysynyň uly tälimçisi Gurbandurdy Şükürow tälim berýär.