SPORT WE SYÝAHAT

Woleýbol boýunça Lebabyň birinjiligi geçirildi

Ýakynda Türkmenabat şäherinde 2008-nji ýylda we ondan hem soň doglan ýetginjekleriň
arasynda woleýbol boýunça welaýatymyzyň birinjiligi geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden
üç, Çärjew, Köýtendag, Saýat we Halaç etraplarynyň bolsa her haýsyndan bir topar gatnaşdy.
Ýaryşda Türkmenabat şäherine wekilçilik eden birinji topara taý tapylmady. Şäherdäki 9-njy
we 10-njy sport mekdepleriniň iň ezber türgenlerinden düzülen bu topary ýaryşa
Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ahmet Jangulyýew bilen welaýatymyzyň uly tälimçisi
Gurbandurdy Şükürow taýýarlady. Topar ýaryşdaky duşuşyklaryň ählisinde üstün çykdy.
Her bir duşuşygy çekeleşikli geçen ýaryşda ikinji orny Çärjew etrabyndan gatnaşan topar,
üçünji orny bolsa Türkmenabat şäherine wekilçilik eden üçünji topar eýeledi.
Welaýatymyzyň ýaş woleýbolçylarynyň döwlet derejeli ýaryşlarda hem netijeli çykyş
edýändiklerini nygtamak gerek. Ýakynda, olar paýtagtymyzda geçirilen milli birinjilikden hem
baş baýrak bilen dolanyp geldiler. Lebaply woleýbolçylaryň birnäçesiniň ýurdumyzyň ýetginjekler we ýaşlar ýygyndylaryna wekilçilik edýändigi bolsa aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: