• Wed. Sep 30th, 2020

Wokal instrumental ansambllarynyň bäsleşigi geçirildi

Mar 2, 2020

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet merkezinde «Bitaraplyk owazy» atly bäsleşik geçirildi.

Ony Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň bilelikde guradylar. Bäsleşige Türkmenabat şäheriniň we etraplaryň medeniýet bölümleriniň wokal instrumental ansambllary we aýdymçylary gatnaşdylar. Bäsleşik toparlaryň we aýdymçylaryň aýdym hem-de saz gorlarynyň baýdygyny, ussat sazandalaryň we aýdymçylaryň ýetişendigini görkezdi. Ol zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga hem mümkinçilik berdi. Baş baýrak Saýat etrap medeniýet bölüminiň toparyna berildi. Çärjew etrap medeniýet bölüminiň topary birinji, Halaç etrabynyň Garabekewül şäher medeniýet merkeziniň topary ikinji we Halaç etrap medeniýet bölüminiň topary üçünji orna mynasyp boldular.

Поделиться ссылкой: