BIZE YAZYARLAR

Wiolonçel – dünýä meşhur bolan ses

Ilkinji wiolonçel
Kimiň oýlap tapandygy ýa-da haçan döränligi barada takyk maglumat ýok:
• Ilkinji ýatlamalar XVI asyrda peýda bolup başlady. Şol döwürde italýan ussalary Gasparo da Salò we şägirdi Paolo Maggini şeýle gural ýasamagy we ondan saz owazlandyrmagy başarypdyrlar.
• Wiolonçeli tanymal saz ussady Antonio Stradiwari kämilleşdirdi.

Ses aýratynlyklary
• Wiolonçel islendik simfoniki orkestriň esasy gurallarynyň biridir. Ol Ansamblda, orkestrde we ýeketäk gural (solo) hökmünde ulanylýar.
• Baý we ýakymly sesi bar. Şonuň üçin köplenç ýeketäk gural hökmünde ulanylýar.
• Sazda gynanjy, umytsyzlygy ýa-da çuňňur lirikany görkezip bilýän deňi-taýy bolmadyk gural hasaplanýar.
• Guralyň tembri adam sesine, esasanam baritona meňzeýär. Diapazony bolsa erkek sesleriňkä gabat gelýär: tenordan – basa çenli.

Wiolonçel hakda 5 gyzykly maglumat
1. Skripka ýa-da viola meňzeýär, ýöne wiolonçel elde däl-de, dikligine saklanýar. Ozal sazandalar dik durup çalmaly bolupdyrlar, ýöne soňra guraly goldamak üçin ýörite direk oýlanyp tapyldy.
2. Wiolonçel diňe bir nusgawy saz üçin däldir. Berlin filarmoniki orkestrinde 12 sany wiolonçelist bar. Olar öz repertuarynda meşhur häzirki zaman aýdymlary ýerine ýetirmekligi bilen dünýä tanalýarlar.
3. Iň köne wiolonçel  1538-1560 ýyllara degişli. Ony Andrea Amati ýasady. Günorta Dakotanyň milli aýdym-saz muzeýinde ýerleşýär.
Iň gymmat wiolonçel. Gymmatlygy: takmynan 20 million dollar. Stradiwari tarapyndan 1711-nji ýylda döredilen, “Duport cello” diýlip atlandyrylýar. Ol guralda uzak wagtlap ajaýyp sazanda Duport çalypdyr. Rowaýata görä, bu saz guralda Napoleon Bonapartyň özi hem çalmagy öwrenipdir, hat-da guralyň ýüzünde yz galdyrypdyr. Antonio Stradiwari 80 sany wiolonçel ýasapdyr, olaryň 60-sy häzirki wagtda çenli saklanylypdyr.
4. Ilkibaşda kirişler goýun içegelerinden ýasalypdyr, ýöne soňra metal bilen çalşyrylypdyr.
5. Guralda çalmagyň iň uzak wagtynyň rekordy 2014-nji ýylda goýuldy. Günorta Afrikaly sazanda Karel Henn, 26 sagat üznüksiz çaldy.

Anwar JUMAKULYÝEW,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.