Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň brazil hüjümçisi Winisius Junior Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan 2024-nji ýylyň “Iň gowy futbolçysy” diýen ada eýe boldy. FIFA tarapyndan ýylyň jemlerine bagyşlanan baýrak gowşurylyş dabarasy Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirildi.
Ýylyň iň gowy futbolçysy baýragyna almak üçin Winisius bilen bir hatarda
Daniel Karwahal, Federiko Walwerde, Jud Bellingem, Kilian Mbappe, Erling Holand, Rodri, Lamin Ýamal ýaly futbolçylar bäsleşdi. Mälim bolşy ýaly, oktýabr aýynda Winisius “Altyn pökgi” baýragyny almak
ugrundaky bäsleşikde ikinji orny eýeläpdi.
Winisius bu gezek maksadyna ýetdi

18
Dec