JEMGYÝET

«Windows» «Google Chrome»-niň deregine öz önümini hödürleýär

«Windows»-iň ulanyjylarynyň öňünde garaşylmadyk mesele ör boýuna galdy, diýip «Российская газета» ýazýar.

Ulanyjylar «Edge» firma brauzeriniň üsti bilen «Chrome»-ni ýüklejek bolup synanyşanlarynda, olar ekranyň ýüzünde «Microsoft»-niň «Google»-niň önüminiň tehnologiýasynda işleýändigi we onuň has howpsuzdygy baradaky habary görýärler.

«Download browser»-e ýüz tutulanda, «Microsoft»-e degişli «Bing» gözleg ulgamy şeýle jogap berýär: «Täze brauzeri ýükläp almak gerek däl. «Microsoft» «Edge»-den peýdalanmagy maslahat berýär» diýip ýazýar. Emma bu «Chrome»-ni ýüklemäge päsgel bermeýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: