MEDENIÝETSUNGAT ADAMLARY

Winçenso Bellininiň 220 we Ferens Listiň 210 ýyllygyna bagyşlanan konsert boldy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda «Söýginiň waspçylary» atly konsert boldy. Ol Winçenso Bellininiň 220 ýyllygyna we Ferens Listiň 210 ýyllygyna bagyşlandy. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Konserwatoriýanyň kamer ansambly kafedrasynyň talyplary meşhur sungat ussatlarynyň hem-de Halkara bäsleşikleriniň diplomanty Stella Faramazowanyň gatnaşmagynda diňleýjiler üçin  giçki romantizm döwrüniň genial kompozitorlarynyň uly mirasyndan iň romantiki eserleri saýlap alypdyrlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: