JEMGYÝET

«Wilanta’s» Türkmenabat şäherinde 6 nokatda et önümleri dükanlaryny işledýär

Türkmenabat şäherindäki «Wilanta’s» haryt nyşanly şöhlat önümleri hususy kärhanasynda her günde mal etiniň bir tonnadan gowragy gaýtadan işlenilip, et we şöhlat önümleriniň 30-a golaý görnüşi taýýarlanylýar.
Olardan ýarym kakadylan görnüşde «Köýtendag», «Çüli», «Hazar», «Awçy» ýaly söhlat önümlerini, gaýnadylan görnüşdäki «Arkaç», «Altyn açar», «Altyn kenar», «Arfa» şöhlat önümlerini, gaýnadylyp kakadylan «Änew», «Altyn şapak», «Gündogar», «Kaklama» şöhlat önümlerini we beýlekileri görkezmek bolar.
Şeýle-de bu ýerde taýýarlanylýan «Şasenem», «Altyn çeşme», «Gunça», «Nygmat», «Daşrabat» ýaly şöhlat önümleriniň, büzmeçeleriň dürli görnüşi alyjylaryň islegli harydyna öwrülýär. Önümçiligiň işiniň bökdençsiz ýola goýulmagynda hususy kärhananyň maldarçylyk hojalygynda, şeýle-de şahsy hojalyklarda idedilýän iri şahly mallardan alynýan mal eti esasy çig mal bolup hyzmat edýär.
Önümçiligiň golaýynda et we et önümlerini ýerlemäge niýetlenilen dükan hereket edip, tagamly we ýokary hilli şöhlat önümleri satuwa çykarylýar, şeýle-de Türkmenabat şäheriniň söwda nokatlaryna ugradylýar. Ýeri gelende belläp geçsek, hususyýetçiniň şäherde 6 sany dükany hereket edýär.
— Ýurdumyzda telekeçilik işiniň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine yzygiderli goldaw berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn! — diýip, Nariman Ismaýylow ýürek buýsanjyny beýan edýär.