Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komitetinde ýurtda geçiriljek ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy baradaky maglumatlary bermäge döredijilikli çemeleşdiler. Animasiýa ulanylyp, şeýle hem hakyky adamlaryň gatnaşmagynda wideorolik düşürildi. Olarda ýazuwyň maksatlary we türkmenistanlylar üçin onuň ähmiýeti oňat düşündirilýär we ýurduň raýatlary bu çärä işjeň gatnaşmaga çagyrylýar.
Wideorolikler Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komitetiniň saýtynda goýuldy. Olar adamlaryň köp üýşýän ýerlerinde goýlan habar beriş şitleriniň üstüni doldurdy.
Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 17-sinden 27-sine çenli aralykda geçiriler.
