JEMGYÝET

Wenesiýa festiwalynyň emin agzalary mälim boldy

Wenesiýa festiwaly özüniň baş bäsleşiginiň emin agzalarynyň atlaryny mälim etdi. Oňa «oskaryň» eýeleriniň ikisi: Hloe Çžao («Çarwalaryň ýeri») we Pon Jun Ho («Mugthorlar») girýärler. Olar emin agzalarynyň toparyna ýolbaşçylyk ederler. Bu barada «Российская газета» ýazýar. Olardan başga-da, eminleriň düzümine Beýik Britanyýadan aktrisa Sintiýa Eriwo («”El Roýal” myhmanhanasynda hiç zadam gowy däl»), Belgiýadan aktrisa Wirjini Efira («Küý»), italýan režissýory Sawerio Konstanso («Aç ýürekler») we rumyn režissýory Aleksandr Naneu («Kolletkiw») dagylar girdiler. Bosniýaly režissýor Ýasmila Žbaniç («Quo Vadis, Aida?») «Gözýetim» diýlip atlandyrylýan ugurdaş programma ýolbaşçylyk edýär. Şeýlelik bilen, bu festiwalda zenanlar kemsidilýär diýip aýdyp bolmaýar. Eminleriň ikisiniň toparynda hem olar agdyklyk edýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: