DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Welosport boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek senesi üýtgemez

Welosport boýunça dünýä çempionatynyň guramaçylary ýaryşyň 20 ― 27-nji sentýabr aralygynda Şweýsariýada geçiriljekdigini takyk aýtdylar. Şeýlelikde, COVID-19 pandemiýasy bilen bagly ýagdaýlar sebäpli, dünýä çempionatynyň geçiriljek günleri üýtgedilmedi.
Dünýä çempionaty, ozaldan hem meýilleşdirilişi ýaly, Egle-Martini ugry boýunça geçiriler. Häzir dünýä çempionatyny bellenen möhletde we bellenen ýerinde geçirmek üçin hiç bir mesele ýok.
Dünýä çempionatyna taýýarlyk işleriniň çäginde Şweýsariýanyň çempionatyna hem şaýat bolarys. Çempionat 22-nji awgust güni dünýä çempionatynyň geçiriljek ugry boýunça guralar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: