BIZE YAZYARLAR

Welosport barada

Sportyň ähli görnüşlerine uly üns berilýän türkmen topragymyzda welosporty “täzeden janlanýar” diýsek ýalňyşmarys. 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde welosiped sürmek boýunça iň köp adamyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi we rekord gazanyldy. Mundan birnäçe wagt geçmänkä 2019-njy ýylda Aşgabatda iň dowamly we nyzamly welosiped ýörişi geçirilip ol hem Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girmegi başardy. Her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni bolup,
şol gün ýurdumyz boýunça weloýörişler gurnalýar.
Sagdyn durmuş ýörelgelerine esaslanyp ýurdumyzda ýaş nesli bedenterbiýä we köpçülikleýin sport görnüşlerine çekmeklik üçin birnäçe işler alynyp barylýar. Sportyň ähli görnüşlerinde bolşy ýaly welosportyndada adam saglygyna oňyn täsir etmek, aň-bilim kabul etmäni güýçlendirmek ýaly ukyplary bar. Welospedli gezelenç etmek bedeniňe hemme taraplaýyn oňyn täsir edip ol adamyň ruhuny göterýär,
bedeniň ähli bölekleriniň hereket etmegine getirýär. Lukmanlaryň bellemegine görä welosiped sürmek:
-bedeni işjeňleşdirýär
-dem alyş ýollaryňy sazlaýar
-ýürek-damar keselleriň öňüni alýar
-bedendäki artykmaç holestriniň, ýaglaryň, artykmaç agramyň aýrylmagyna ýardam edýär.
-osteohondrozyň, radikulidiň we nerw ulgamyndaky ýetmezçilikleriň öňüni alýar.
-göreçleriň ýitelmegine oňyn täsir edýär.

MAMEDOWA Maýsa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby