BIZE YAZYARLAR

Welosipediň taryhyndan

Öňden belli zady täze açyş ýaly edip görkezjek ýa-da edilip ýöreninden başgaça etjek bolýanlara bolýanlara: «Welosiped oýlap tapjak bolma» diýip, maslahat berýärler. Munuň bilen iki tigirli bu ulagyň täze görnüşini oýlap tapyp bolmajagyny hem ýaňzydýarlar. Welosipediň yzygider kämilleşdirilip durandygyna garamazdan, bu jümläniň aňyrsynda bir hakykat ýatyr. Görnüşleriniň, daşky keşbiniň, ulanyş ugurlarynyň dürlüdigine garamazdan, onuň umum gurluşy öňküliginde diýen ýaly galýar.

Elbetde, ilkinji welosiped häzirkiler ýaly amatly bolmandyrlar. Ony 1817-nji ýylda ilkinji bolup nemes oýlap tapyjysy baron Karl Dreýz ýasapdyr we 1818-nji ýylda açyşyna patent alypdyr. Ol özi ýöreýän bu ulagy «özi ýöreýän maşyn» diýip atlandyrlypdyr. Ony oýlap tapyjy ady bilen «drezina» diýip atlandyryp başlapdyrlar. Onuň oturgyjy, ruly bolupdyr. Ýöne pedalsyz bolanyndan soň ony aýaklar bilen ýeri itekläp sürüpdirler.

1839—1840-njy ýyllarda ol kämilleşdirilipdir. Şotlandiýaly demir ussasy Kirkpatrik Makmillan oňa pedal hem çatypdyr. Ol demir sterženiň kömegi bilen yzky tigire birikdirilipdir. Welosipedçi yzky we öňki tigirleriň arasynda oturypdyr. Şondan birnäçe ýyl soň iňlis inženeri Tompson welosiped üçin ýellenýän tigire patent alypdyr. Ýöne ol giň ýaýramandyr. Sebäbi şeýle tigirler tehniki taýdan kämil däl ekenler. Pedally welosipedler diňe 1867-nji ýylda köpçülikleýin çykarylyp başlanypdyr. Şol wagt oňa Pýer Mişo «welosiped» diýip at goýupdyr.

On dokuzynjy asyryň 70-nji ýyllarynda «penni-fartiň» diýlip atlandyrylan welosipedler meşhur bolupdyr. Ol penni we fartiň diýen şaý pullarynyň adyndan gelip çykýar. Fartiň penniden kiçi bolupdyr. Welosipediň hem pedal birikdirilen öňki tigiri uly, yzkysy bolsa kiçi eken. Şol wagtlar şeýle welosipedleriň üç tigirlisi hem giň ýaýrapdyr.

Simli metal tigirleriň oýlanylyp tapylmagy welosipediň kämilleşdirilmeginde möhüm ädim boldy. Bu örän amatly gurluş 1867-nji ýylda oýlap tapyjy Kauper tarapyndan teklip edildi. Şondan iki ýyl geçenden soň ramaly welosipedleri çykaryp başladylar. On dokuzynjy asyryň ýetmişinji ýyllarynda bolsa iňlis oýlap tapyjysy Louson zynjyrly herekete getirijini oýlap tapdy.

«Rover» («Ykmanda») diýlip atlandyrylan welosiped häzirki döwürdäkilere çalymdaş şekilde çykarylypdyr. Ony iňlis oýlap tapyjysy Jon Kemp Starli ýasapdyr. Şondan bir ýyl geçeninden soň bolsa şeýle welosipedleri köpçülikleýin çykaryp başlapdyrlar. «Roverde» zynjyrly hereketlendiriji ulanylypdyr, onuň tigirleriniň gabarasy deň eken, sürüjiniň ýeri iki tigiriň ortasynda ýerleşdirilipdir. Ol Ýewropada şeýle bir meşhur bolupdyr welin, maşynlardan hem köp çykarylypdyr. «Rover» konserni döredilip, ol 2005-nji ýyla çenli hereket edipdir.

1888-nji ýylda şotlandiýaly Boýd Danlop kauçuk tigiri oýlap tapypdyr. Indi welosiped sürmek örän amatly bolupdyr. Şondan bir ýyl geçeninden soň pedal tormozy we erkin hereketiň mehanizmi oýlanyp tapylypdyr. Bu mehanizm welosipediň özi badyna gidip barýarka pedaly aýlaman durmaga mümkinçilik beripdir. Takmynan, şol döwür el tormozy hem ýasalypdyr, ýöne ol has soň köp ulanylyp başlapdyr.

1878-nji ýylda ilkinji ýygşyrylýan welosiped ýasalypdyr. Togsanynjy ýyllarda bolsa alýuminiý welosipedleri çykaryp başlapdyrlar. 1895-nji ýylda ýatylyp we ýarym ýatylyp sürülýän welosipedler oýlanylyp tapylýar. Şondan 9 ýyl soň «Pežo» konserni şeýle welosipedleriň köpçülikleýin çykarylyşyny ýola goýupdyr.

Soňky on ýyllygyň dowamynda şarikli podşipnikler peýda boldy. Olar sürtülmäni azaldypdyrlar. Şonuň ýaly-da, demir turbalardan konweýer usulynda ýygnap başlapdyrlar, tigiriň üç hereket çaltlygyny berýän wtulkalar, aýak tormozy, zynjyrly hereketlendirijiniň tizligini geçiriji peýda bolupdyr. Ýigriminji asyryň başlaryndaky tizligi geçirijiler kämil bolmandyrlar. Yzky tigiriň iki gapdalynda dürli ululykdaky çarh bolupdyr. Tizligini üýtgetmek üçin tigiri aýlap goýmaly we zynjyry çekmeli ekeni. 1903-nji ýylda tizligi geçirmegiň planetar mehanizmi oýlanyp tapylýar, ýöne ol diňe 30-njy ýyllarda meşhurlyga eýe bolýar. Häzirkä meňzeş tizligi geçirijini bolsa italiýaly welosiped sportunyň türgeni we welosiped öndüriji Tullio Kampaýolo oýlap tapypdyr.

1983-nji ýylda welokompýuter oýlanylyp tapylýar. Ol tizlige, wagta we ýüklenilýän ýüke (adamyň agramyna) gözegçilik edýär.

Ýigriminji asyrda awtomobilleriň öndürilişiniň artmagy bilen welosipede bolan gyzyklanma peselýär. Ýöne sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden wagyz edilmeginiň netijesinde soňky ýyllarda ol köp sürülýän ulaglaryň hataryna goşuldy.

Internet maglumatlarynyň esasynda taýýarlan:

Atajan Joraýew,

TMÝG-niň Kerki etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: