- ESASY HABARLAR, YKDYSADYÝET

Welaýatyň gaýtadan işleýän kärhanalary pagtanyň täze hasylyny kabul etmäge taýýar

Lebap welaýatyň gaýtadan işleýän kärhanalary pagtanyň täze hasylyny kabul etmäge taýýar. Olaryň ählisinde abatlaýyş we taýýarlyk işleri doly tamamlandy.

Bu welaýatyň on bir sany pagta arassalaýjy kärhanalarynyň ählisinde pagtaçylar tarapyndan şu ýyl ýetişdirilen hasyly bökdençsiz kabul etmäge hem-de gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, pagta kabul ediş harmanhanalarynda hem kabul edilip, kärhanalara iberilýänçä, saklanylar. Häzirki wagtda şeýle harmanhanalaryň kyrk altysy bar. Olar hem degişli gulluklary bilen bilelikde hasyly kabul etmäge doly taýýar edildi.

Üstümizdäki ýylda daýhanlar bir ýüz ýigrimi müň gektar meýdanda pagta hasylyny ýetişdirdiler we ondan iki ýüz togsan bäş  müň tonna «ak altyn» almagy meýilleşdirýärler.