BIZE YAZYARLAR

Welaýat ýörite sungat mekdebiniň kamera hor toparynyň konserti geçirildi

Welaýat ýörite sungat mekdebiniň zehinli talyp ýaşlaryndan düzülen kamera hor topary özüniň täze we mazmunly maksatnamasy esasynda taýýarlan dabaraly konserti bilen çykyş etdi. Şowhunly geçen konsertde milli saz sungatymyzyň genji-hazynasy bolan türkmen kompozitorlarynyň täzeçe äheňli eserleri, dünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan Günbatar Ýewropa nusgawy sazynyň dürdäneleri, şeýle-de halkymyzyň ruhy dünýäsiniň aýnasy — türkmen halk aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Kalplary jadylaýan owazlaryň has-da täsirli ýaňlanmagynda sazanda Aziza Arslanowanyň fortepianoda horuň sesleri bilen bir bitewülige öwrülip çalan sazlary saz eserleriniň çeperçilik keşbini has-da baýlaşdyrdy.
Kamera hor toparynyň ussatlyk derejesiniň kämilleşmeginde bu adygan toparyň tejribeli ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti, halypa mugallym Bäşim Berdiýewiň uly zähmetiniň, döredijilik ylhamynyň durandygyny bellemek bolar. Halypa mugallymyň saz eserleriniň her birine özboluşly çemeleşmegi, talyplaryň sesleriniň arasyndaky kämil sazlaşygy tapmak ukyby bu toparyň ýokary hünär keşbini emele getirýär. Toparda Bäşim Berdiýewiň dirižýorlygynda ýaňlanýan her bir nagma talyplaryň sungat äleminde ynamly gadamlaryna öwrülýär. Konsertiň dowamynda ýerine ýetirilen eserler talyplaryň we mugallymlaryň bilelikde çeken yhlasly zähmetiniň aýdyň netijesidir.

Leýla WALIÝEWA,
Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.