MEDENIÝET

Welaýat teatrynda täze möwsüm üçin baý meýilnama işlenip taýýarlanyldy

Lebapdaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary täze möwsümiň dowamynda dürli görnüşli çykyşlary tomaşaçylara ýetirmegi maksat edinýär.
«Gülki agşamlary» diýlip atlandyrylýan gülküli çykyşlar, belli aýdymçylaryň konsertleri we dürli baýramçylyk çärelerinde edebi-sazly kompozisiýalar görkeziler. Şeýle-de täze desgalaryň açylyş dabaralarynda çykyş etmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, ýylyň dowamynda teatryň döredijilik toparynyň iş saparlaryna aýratyn orun berler. Täze goýlan sahna eserleri bilen welaýatymyzyň dürli etraplarynda çykyş edilip, paýtagt Aşgabat bilen beýleki welaýatlarda hem tomaşaçylara teatr sungatynyň täsirli pursatlary ýetirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, teatr möwsümi diňe bir täze sahnalaryň däl, eýsem, giň gerimli döredijilik çäreleriniň hem başlandygynyň alamaty boldy.