Täze ýylyň ilkinji günlerinde Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatry çagalar üçin öz gapylaryny giňden açdy.
Bu ýerde bosagadan ätlän ýylyň ady bilen baglanyşykly «Altyn balyk» atly sahna oýnunyň görkezilişi boldy. Çagalar üçin niýetlenilen oýny teatryň oýny goýujy režissýory Şöhrat Maşeripow sahnalaşdyrdy.
Çagalaryň uly höwes bilen tomaşa edýän bu oýnunda adam bilen tebigatyň arasyndaky gatnaşyklar, ynsanperwerlik, rehimdarlyk ýörelgeleri, milli däp-dessurlar çeper beýan edilýär.
Gyşky dynç alşyň dowamynda teatrda çagalar üçin şowhunly konsertler hem guralýar.