Welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan sergi guraldy.
Onda amaly haşam sungatynyň eserleri, haly önümleri, welaýatyň nakgaşlarynyň suratlary goýlupdyr Bu ýerde welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň dünýäniň meşhur nakgaşlaryň suratlaryna garap döreden nusgalary hem aýratyn orun tutýar.
Şonuň ýaly-da, bu ýerde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan maslahat hem geçirildi. Onda Bitaraplyk derejesiniň Garaşsyz Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyna, ykdysady ösüşine, medeniýetiň galkynmagyna eden täsiri, beýleki ýurtlar bilen alnyp barylýan özara bähbitli gatnaşyklar we ýene-de birnäçe meseleleriň üstünde giňişleýin durup geçdiler.
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni 12 dekabrda bellenilýär.