MEDENIÝET

Welaýat neşirinde täze edebiýat sahypasy döredildi

Lebap welaýat häkimliginiň «Türkmen gündogary» gazeti täze edebiýat sahypasyny açdy. Sahypa «Penşenbede peýwagtyna» diýlip atlandyrylýar.
Sahypanyň ady gazetiň her hepdäniň penşenbe güni çapdan çykýandygy bilen
baglydyr.
Täze sahypanyň ilkinji sanynda türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri Halyl
Kulyýewiň we Mukam Muhamowyň şygyrlary, ýazyjy Akmyrat Abdyllaýewiň
täze hekaýalarynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talybynyň çeper oýlanmasy ýerleşdirildi.
Neşiriň döredijilik işgärleri bu edebiýat sahypasyny mundan beýläk yzygiderli
dowam etdirmegi meýilleşdirýärler. Sahypa gündogar sebitde ýaşap geçen, doglan we häzirki wagtda ýaşaýan ýazyjy-şahyrlaryň iň gowy eserleri paýlaşylar.