Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň welaýat müdirlikleri we etrap, şäher bölümleri tarapyndan ilata edilýän hyzmatlaryň gerimi barha giňeýär.
Şol hyzmatlar bilen bagly gullugyň ýerli bölümlerine ildeşlerimiz tarapyndan köp sanly sowallar bilen ýüzlenilýär. Şol sowallaryň biri hem gozgalmaýan emläk bilen bagly Döwlet sanawynyň resminamalaryna düzedişleriň girizilmegine degişlidir. Welaýat neşirinde gullugyň welaýat müdirliginiň işgäri degişli sowala jogap berdi.
Bu baradaky kanunçylyk «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 28-nji maddasynda berkidilýär. Şol maddada bellenilişi ýaly, Döwlet sanawyna girýän resminamalardaky tehniki ýalňyşlyklar hukuk eýesiniň, beýleki gyzyklanýan adamlaryň we edaralaryň arzalary, döwlet bellige alyjysynyň başlangyjy boýunça düzedilýär. Ýöne şol resminamalardaky tehniki däl ýalňyşlyklary düzetmek üçin kazyýetiň çözgüdi hökmanydyr.
Welaýat neşirinde möhüm sowala jogap berildi

28
Mar