LUKMANÇYLYK

Welaýat neşiri täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi

Lebap welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda Milli Bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe bagyşlanyp «Bitarap Watanda — baky nowjuwan bahar» atly döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.
Döredijilik bäsleşigi makalalar, hekaýalar, goşgular žanrlary boýunça geçirilip, oňa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda zenan mertebesini beýgeltmek, gelin-gyzlaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmak ugrunda alnyp barylýan döwletli tutumlaryň ähmiýetini, türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligini, gadymy däp-dessurlarymyzyň, asylly ýol-ýörelgelerimiziň milli aýratynlyklaryny, gadyr-gymmatyny we akyl-paýhas çuňlugyny giňden açyp görkezýän eserler gatnaşdyrylar.
Döredijilik bäsleşigine eserler 2025-nji ýylyň 15-nji martyna çenli kabul ediler we olaryň gowulary welaýat «Türkmen gündogary» gazetinde çap ediler.
Bäsleşik Milli bahar baýramynyň öň ýanynda jemlenilip, onuň ýeňijilerine Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän işler aşakdaky salga ýa-da gazetiň elektron poçtasyna (turkmengundogary-gazeti@sanly.tm) ugradylmalydyr:
Türkmenabat şäheriniň S.A.Nyýazow köçesiniň 42-nji jaýy, welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy «Bitarap Watanda — baky nowjuwan bahar» atly döredijilik bäsleşigine.