«Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda «Ýaşasyn parahat durmuş!» ady bilen döredijilik
bäsleşigi yglan edilýär.
Döredijilik bäsleşigi makalalar, oçerkler žanrlary boýunça geçirilip, oňa Watanymyzyň ýeten belent derejesini, parahatçylyksöýüjilikli syýasatymyzy, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny çeper beýan edýän we giňden açyp görkezýän eserler gatnaşdyrylar.
Döredijilik bäsleşigine eserler 2025nji ýylyň 10njy dekabryna çenli kabul ediler we olaryň gowulary «Türkmen gündogary» gazetinde çap ediler. Bäsleşigiň jemi Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda jemlenilip, onuň ýeňijilerine Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän işler aşakdaky salga ýada gazetiň elektron poçtasyna
(turkmengundogarygazeti@sanly.tm) ugradylmalydyr: Türkmenabat şäheriniň S.A.Nyýazow
köçesiniň 42nji jaýy, welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy, «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly döredijilik bäsleşigine.
Welaýat neşiri täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi

06
Mar