Welaýat muzeýinde wagtlaýyn sergi ýaýbaňlandyryldy
Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Ýeňiş gününi has-da dabaralandyrmak maksady bilen «Bakylyga öwrülen mertler» atly wagtlaýyn sergi guraldy.
Serginiň açylyş dabarasyna il sylagly ýaşulular, muzeý işgärleri, harby gullukçylar, talyplar, ýaş nesliň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler faşizme garşy söweşlerde türkmenistanly gerçekleriň görkezen edermenlikleri, tyldakylaryň çeken janypkeşlikli zähmeti dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.
Soňra dabara gatnaşyjylar sergä syn etdiler. Onda Beýik Watançylyk urşunda türkmen ýigitleriniň görkezen edermenligine, gahrymançylygyna güwä geçýän arhiw resminamalary, fotosuratlar, esger lybaslary ýerleşdirilipdir. Wagtlaýyn sergi öz işini dowam edýär.