JEMGYÝET

Welaýat muzeýinde türkmen bedewlerine bagyşlanan sergi guraldy

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen bilelikde «Behişdi bedewim — milli gymmatlygym» atly wagtlaýyn sergi guraldy.

Onuň açylyş dabarasyna jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Sergide muzeýiň gaznasyndaky tapyndylar bilen birlikde bedewleriň halydan we kilimden dokalan owadan ýapynjalary, eýerleri, agyzdyryklary, haly önümleri bolan torbalar we atlaryň şaý-sepleri, welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, nakgaş Alymjan Işankulyýewiň ahalteke atlarymyzy wasp edip çeken eserleriniň täze toplumy, Merdan Atajanowyň döreden heýkelleri, Merdan Öwezowyň miniatýura işleri görkezildi hem-de ylmy maglumatlar goýuldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: