MEDENIÝET

Welaýat muzeýinde şanly ýyl mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

Welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýat medeniýet müdirliginiň işgärleri hem-de partiýanyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzda alnyp barylýan beýik özgertmeler, halk bähbitli tutumly işler barada çykyşlar edildi. Şeýle-de döwlet çärelerine taýýarlyk görmek we olary guramaçylykly geçirmek boýunça möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çärä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Soňra maslahata gatnaşyjylar Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüşlere bagyşlanan sergini synladylar.