MEDENIÝET

Welaýat muzeýinde Magtymguly Pyraga bagyşlanan burç döredildi

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Setiri — zer-ýalkym, pähimi — umman» atly burç döredildi.

Burçda çeper söz ussadynyň baý edebi mirasy bilen bagly taryhy tapyndylara, golýazmalara we neşir önümlerine aýratyn orun berilýär. Ol akyldar şahyryň ömri we döredijiligi, dürdäne setirleriniň halkara ähmiýeti hem-de çuň mazmuny  bilen ýakyndan tanyşmaklyga, şeýle-de muzeýiň gelim-gidiminiň gün-günden artmagyna oňyn täsir edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: