Welaýat muzeýinde geçirilen maslahat ýylyň adyna bagyşlandy
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde bu muzeýiň mejlisler zalynda «Ählumumy parahatçylyk ― halkara hyzmatdaşlygynyň esasy binýady» ady bilen wagyz-nesihat maslahatyny geçirdi. Oňa arkalaşygyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Adyndan belli bolşy ýaly, çäräniň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň adynyň we nyşanynyň many-mazmuny, şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.