Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde guramagynda «Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz» atly maslahat geçirildi.
Çärä il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler we ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda alabaý itleriniň türkmen halkynyň milli mirasyndaky möhüm orny barada täsirli çykyşlar edildi. Maslahatda milli mirasymyza, ruhy baýlyklarymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözleri ýaňlandy. Myhmanlar ýörite guralan sergini hem synladylar.
Welaýat muzeýindäki dabara Türkmen alabaýynyň milli baýramyna bagyşlandy
24
Oct
