JEMGYÝET

Welaýat metjidinde agzaçar sadakasy berildi

Düýn ― 14-nji aprelde welaýat Baş metjidinde agzaçar sadakasy berildi. Ol mähriban halkymyzyň mukaddes Oraza aýy bilen bagly asyrlar aşyp gelýän asylly däbiň dowamy bolmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň käbesi hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň enesi Ogulabat ejäniň ýagty ýadygärligine belent hormat-sarpanyň nyşanydyr. Sadakadan soň, metjitlerde tarawa namazy okaldy.

Umumadamzat medeniýetini ýokarlandyrmaga ägirt uly goşant goşan ata-babalarymyzyň mizemez ruhy gymmatlyklary we pähim-paýhasly durmuş ýörelgeleri biziň milli baýlygymyzdyr. Döwürleriň aýrylmaz arabaglanyşygy hem-de nesilleriň dowamatlylygy häzirki döwürde jemgyýetimiziň sazlaşykly ösmegine, onuň agzybirliginiň we jebisliginiň has-da berkemegine ýardam edýär.

Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen asylly däplere ygrarlylygynyň çuňňur manysy bar. Onda milletiň ruhy päkligi, rehim-şepagatlylygy, ynsanperwerligi aýdyň beýanyny tapýar.

Metjitde berlen agzaçar sadakasynda, şeýle hem tarawa namazynda halkymyzyň abadançylygy we Türkmenistanyň gülläp ösmegi barada doga-dilegler edildi, Watanyň mynasyp gyzy Ogulabat Berdimuhamedowanyň jaýynyň jennet bolmagynyň hatyrasyna aýat-töwir okaldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: