BILIM

Welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde 2026-njy ýylyň 6-njy, 11-nji we 19-njy maýynda, şeýle hem 2027-nji ýylyň 20-nji iýulynda sagat 10:00-da ýaşlaryň gatnaşmagynda «Açyk gapylar» güni geçiriler. Bu çäre ýaşlara hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda öňde goýýan wezipeleri, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri, maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebindäki taýýarlyk ugurlary we degişli hünärler barada giňişleýin maglumat bermäge gönükdirilendir.
«Açyk gapylar» gününde ýaşlar okuw-terbiýeçilik işi, medeni-köpçülik çäreleri, okuw mekdebinde okamaga we ýaşamaga döredilen şertler bilen hem tanyşarlar. Gatnaşmak isleýänler Türkmenabat şäheriniň Gurbansoltan eje köçesiniň 22-nji jaýynda ýerleşýän welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebine ýüz tutup bilerler. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993(422) 3-99-65; 3-99-67.