Welaýat kitaphanasyndaky teleskop halkara maslahata gatnaşyjylaryň gyzyklanmasyny gazandy
Welaýat kitaphanasyndaky obserwatoriýa ýakynda Türkmenabat şäherinde geçirilen «Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara maslahata gatnaşyjy myhmanlaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.
«Jeyhun.news»-a kitaphanadan habar berlişi ýaly, bu ýerde daşary ýurtly myhmanlar asman jisimlerine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän enjamyň işleýşi bilen has gyzyklandylar. Olar gadymy gündogar bilim ojaklarynda, şol sanda iri kitaphanalarynda şeýle obserwatoriýalaryň bolandygyny, bu däbiň häzirki wagtda-da dowam edýändigini bellediler.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň «Beýik Ýüpek ýoly we Amul galasynyň taryhy medeni mirasy» atly bölüminiň welaýat kitaphanasynda geçirilendigini ýatladýarys.