MEDENIÝET

Welaýat kitaphanasyndaky maslahat parahatçylyk ýörelgelerine bagyşlandy

Lebap welaýat kitaphanasynda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty halkara howpsuzlygynyň we durnuklylygyň binýady» atly maslahat geçirdik. Oňa Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň welaýat we etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary, bilim we kitaphana işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasaty Bitarap döwletiň bedew batly ösüşlerine giň ýol açýar. Dünýäde syýasy, ykdysady, ynsanperwer we ekologik häsiýetli wajyp meseleleri çözmekde we döwletleriň arasynda netijeli
hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ýurduň Bitaraplyk hukuk derejesiniň orny has-da pugtalandyrylýar.