JEMGYÝET

Welaýat kitaphanasynda maslahat geçirildi

Şu gün Lebap welaýat kitaphanasynda akyldar türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sergi merkezinde ýakynda geçirilen «Kitap-ynsan kalbynyň şamçyragy» atly dabaraly maslahatdan gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak Türkmenabatdaky çäräniň esasy maksady boldy.

Maslahata dürli ýaşdaky okyjylar köpçüligi, welaýatymyzyň tanymal şahyrlary, medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Onda döredijilik işgärleri kitabyň mukaddesligi, kitap okamagyň ähmiýeti barada täsirli çykyşlar etdiler. Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly drama teatrynyň artistleri Magtymguly Pyragynyň keşbini janlandyryp, parasatly pähimleri aýtdylar.

Günüň ikinji ýarymynda maslahat kitaphananyň bölümlerinde işini dowam etdi. Bölümlerde okyjylaryň kitaphanada elektron kitaplary okamagy üçin döredilýän mümkinçilikler barada durup geçildi, şeýle-de ýaş körpejelere kitap okap bermegiň tärleri barada düşünje berildi.

Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň, Magtymguly Pyragy baradaky esereleriň we görnükli ýazyjy-şahyrlaryň kitaplarynyň sergisi guraldy.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: