Welaýat hassahanasynda böwrek keselleri döwrebap usullar bilen bejerilýär
Lebap welaýat köpugurly hassahanasynda böwrek kesellerini takyk anyklamaga we doly bejermäge ähli mümkinçilikler döredilen. Bu barada welaýat neşiri habar berýär.
Bu ýerde rentgen, USB, kompýuter tomografiýa barlag usullary arkaly näsaglaryň keseli takyk anyklanylýar. Rentgen barlagy peşew ýollarynyň giňişleýin rentgen şekilini almakdan başlanylýar. Bu usul arkaly böwrekleriň işleýşini, olara daşlaryň ýetiren zyýanynyň derejesini anyklap bolýar. Ultrases barlag usuly bilen bolsa böwregiň umumy ýagdaýy, ýerleşýän ýeri, ölçegleri, galyňlygy, onuň içindäki daşlary, göwrümli keselleri (täze döremeler, kistalar) kesgitlenilýär. Kompýuter tomografiýa barlag usuly bedeniň beýleki agzalary bilen bir hatarda peşew çykaryjy ulgamyň agzalaryny barlamakda giňden ulanylýar. Bu usul arkaly böwrekleriň şekili, ölçegleri, düzümi we beýleki agzalar bilen gatnaşygy anyklanylýar.
Kompýuter tomografiýa barlag usuly arkaly lukmançylygyň beýleki usullary bilen anyklap bolmadyk ähli daşlaryň sany, ýerleşýän ýerleri, dykyzlygy we olaryň hersiniň ölçegleri takyk kesgitlenilýär. Bu barlagyň üsti bilen böwrekleriň ähli ýagdaýlary anyklanylyp, bejerginiň has netijeli görnüşini saýlamaga mümkinçilik döreýär.