Welaýat häkimliginde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat we şäher halk maslahatlarynyň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler uruş ýyllarynda görkezilen gahrymançylyk, tylda çekilen gaýduwsyz zähmet, pederlerimiziň Watan öňünde bitiren beýik hyzmatlary barada giňişleýin durup geçdiler.
Dabaranyň dowamynda welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-saz çykyşlary maslahata baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Watan gerçekleriniň edermenligine, parahat durmuşa, asuda asmana we bagtyýar döwrümize bagyşlanan aýdym-sazlar dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Şeýle dabaraly maslahatlar welaýatymyzyň etraplarynda hem geçirilip, halkymyzyň agzybirliginiň, ýurt berkararlygynyň we parahat durmuşymyzyň belent dabaralanmasyna öwrüldi.
Welaýat häkimliginde Ýeňiş güni mynasybetli maslahat geçirildi
07
May

